Eksport we hyzmatdaşlyk

Içerki we daşarky bazarlarda ýokary isleg

Içerki bazar we halkara eksport • Gökdepe pagta egriji fabrigi

Eksporta taýýarlanan nah ýüplük toplumlary

Gökdepe pagta egriji fabrigi ýyllyk 9 450 tonna taslama kuwwatlylygyna eýe bolup, ýyllyk 6 490 tonna ministrlik meýilnamasyny we 3 500 tonna ýyllyk öndürilýän taslamany üstünlikli durmuşa geçirýär.

Kärhananyň esasy önümi bolan halkalaýyn (Ring) Nm 30/1 (Ne 18/1) nah ýüplügi bilen bir hatarda, Nm 27/1 (Ne 16/1), Nm 34/1 (Ne 20/1) hem-de müşderileriň ýörite sargytlary boýunça Nm 10-dan Nm 51-e çenli dürli belgili trikotaž we dokma ýüplükleri öndürilýär.

Taýýar nah ýüplükler içerki bazarda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalara döwlet tarapyndan bellenilen nyrhnamalar esasynda üznüksiz ugradylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň mata dokaýjy we tikin kärhanalarynyň ýokary hilli çig mal bilen öz wagtynda üpjün edilmegine uly goşant goşýar.

Daşarky bazarlara bolsa daşary ýurt kompaniýalary bilen göni baglaşylýan şertnamalar esasynda, 5 000 m² meýdanly döwrebap taýýar önümler ammaryndan kärhananyň özi tarapyndan berk eksport gaplarynda bellenilen möhletlerde satylýar we ugradylýar.

Esasy görkezijiler we maglumatlar
  • Ýyllyk kuwwatlylyk — 9 450 tonna • Ministrlik meýilnamasy — 6 490 tonna • Ýyllyk taslama — 3 500 tonna
  • Esasy önüm: Nm 30/1 (Ne 18/1) • Önümçilik gerimi: Nm 10-dan Nm 51-e çenli
  • 5 000 m² çig mal ammary we 5 000 m² taýýar önümler ammary bilen kämil logistika
  • Marketing bölümi bilen göni aragatnaşyk: (+993 132) 4-09-03 • gokdepeyupluk@sanly.tm
Öňki täzelik Habarlaşmak we sargyt