Ýurdumyzyň dokma senagatynyň kärhanalarynda önümçilik-tehniki binýady täzelemek hem-de içerki tebigy çeşmeleriň esasynda innowasion önümçilikleri ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Ýokary hilli içerki önümleriň köp sanly görnüşleriniň öndürilmegi milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny has-da artdyrýar. Dokma pudagynyň kärhanalarynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzda ýetişdirilýän pagta süýümi çuňňur gaýtadan işlenilip, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply taýýar önümlere öwrülýär.
2010-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkiýäniň «Kotam Enterpraýzis LTD» kompaniýasy bilen bilelikde gurlup, ulanyşa berlen Gökdepe pagta egriji fabrigi bu ulgamyň kuwwatly kärhanalarynyň biridir. Umumy meýdany 13 300 m² bolan döwrebap önümçilik binasynda Italiýanyň dünýä belli «Marzoli», «Savio» we «Loptex» kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli enjamlary gurnalandyr.
Häzirki wagtda fabrikde 500-e golaý tejribeli hünärmen we işgär zähmet çekýär. Çig mal ammaryndan başlap, ýorujy, kardo daraýjy, lentalaýjy, fitil, halkalaýyn (Ring) egriji, awtomatik saraýjy, çekip gaplama, laboratoriýa we taýýar önüm ammary bölümlerini öz içine alýan 12 tapgyrly doly önümçilik zynjyry kärhananyň durnukly we ýokary netijeli işlemegini üpjün edýär.
- Önümçilik binasynyň meýdany — 13 300 m², 2 gatly edara binasy — 1 000 m², inžener toplumy — 2 200 m²
- «Marzoli» (2 ýumşatma liniýasy, 20 kardo daraýjy, 24 halkalaýyn egirme maşyny) we «Savio» (11 awtomatik saraýjy)
- 28 sany fitil enjamy we 12 sany fitil daşaýjy ulgam bökdençsiz önümçilik akymyny üpjün edýär
- 500-e golaý hünärmen we işgär, işgärler üçin «Inoksan» enjamly 150 orunlyk döwrebap naharhana