Hil we ekologiýa

Ekologiki howpsuzlyk we halkara hil talaplary

Halkara hil kepilligi • Şweýsariýanyň «Uster» laboratoriýasy

Şweýsariýanyň Uster hil barlag laboratoriýasy

Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen bir hatarda öndürilýän nah ýüplükleriň hilini ýokarlandyrmak hem-de olary ekologiki howpsuzlyk talaplaryna doly gabat getirmek meselelerine aýratyn üns berilýär.

Diňe tebigy materiallaryň ulanylmagy içerki we daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň ynamyny pugtalandyrýar. Gökdepe pagta egriji fabriginde çig mal hökmünde ýurdumyzda ýetişdirilýän 100% tebigy, 4-nji görnüşiň 1-nji sortly ýokary hilli pagta süýümi peýdalanylýar.

Önümçiligiň ilkinji tapgyrynda pagta süýümi Italiýanyň «Loptex» kompaniýasynyň 2 sany optiki separatoryndan geçirilip, islendik keseki goşundylardan doly arassalanýar. Önümçilik zallarynda süýümiň maýyşgaklygyny we ýüplügiň berkligini saklamak üçin «Canalair» kompaniýasynyň 5 sany özbaşdak kondisionirleme, wentilýasiýa we çyglandyryş ulgamy gije-gündiz işleýär.

Çig maldan başlap taýýar nah ýüplüge çenli ähli tapgyrlarda hil gözegçiligi Şweýsariýanyň dünýä belli «Uster» enjamlary bilen enjamlaşdyrylan laboratoriýada yzygiderli alnyp barylýar. Laboratoriýada süýümiň uzynlygy, inçeligi, arassalygy, ýüplügiň berkligi, endiganlygy we çyglylygy takyk ölçelip, her bir partiýanyň halkara ölçeglerine doly laýyk gelmegi kepillendirilýär.

Esasy görkezijiler we maglumatlar
  • 100% tebigy türkmen pagta süýümi — 4-nji görnüşiň 1-nji sorty
  • Şweýsariýanyň «Uster» laboratoriýasynda uzynlyk, inçelik, berklik, endiganlyk we çyglylyk barlagy
  • Italiýanyň «Loptex» optiki separatorlary (2 sany) arkaly ýokary arassalyk derejesi
  • «Canalair» (5 sany) howa sazlaýjy ulgamy we «BT Kazan» (2 sany) bug gazanlary
Öňki täzelik Indiki täzelik